Sepleriň elýeterliligi

Putin: “Eýranyň ilkinji ýadro energiýa merkezi şu ýyl işe giriziler”


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Eýranyň ilkinji ýadro energiýa merkeziniň şu ýylyň tomus aýlaryndan başlap işe giriziljekdigini aýtdy.

Putin bu baradaky pikirini Orsýetiň gündogar sebitinde ýerleşýän Wolgodonsk şäherinde ýadro senagaty boýunça geçirilen konferensiýada öňe sürdi.

Orsýet 90-njy ýyllardan bäri Eýranyň günortasynda ýerleşýän Buşehirdäki ýadro merkezini gurmaga Tährana ýardam berip gelýär. Emma onuň açylyşy ençeme gezek soňa goýuldy.

Putiniň öňe süren bu pikiri Buşehir ýadro merkeziniň haçan işläp başlajakdygy barada soňky döwürlerde orta atylan iň takyk maglumatlardan biridir.
XS
SM
MD
LG