Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda türmäniň başlygy tussag edildi


Gazagystanyň iň aýylganç türmelerinden biriniň ýolbaşçysy we onuň orunbasarlaryndan biri ygtyýarlyklaryndan bikanun peýdalanmakda aýyplanyp tussag edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy habar berýär.

Howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, şol ýolbaşçylar 16-njy martda tussag edilipdir.

Ýerli ýolbaşçylaryň aýtmagyna görä, tussag edilen şol ofiserler 28-nji ýanwar bilen 15-nji fewral aralygynda tussaglaryň biriniň garyndaşyndan üç sany telewizor, bir kompýuter, iki sany mobil telefon we 1000 dollar töweregi nagt pul alypdyrlar.

Regional howpsuzlyk güýçleri bu barada deňew geçirýärler. Bu türme Gazagystanyň demirgazygyndaky Kuşmurun etrabynda ýerleşýär. Bu Gazagystanyň iň berk türmelerinden biri hökmünde tanalýar.
XS
SM
MD
LG