Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Başgyrdystanda internet blogçylaryna garşy jenaýat işi gozgaldy


Düýn Orsýetiň Başgyrdystan respublikasynda bäş sany internet blogçysyna garşy ekstremizmde aýyplama bildirilip, jenaýat işi gozgaldy.

Başgyrdystan respublikasynyň jenaýaty agtaryş bölüminiň sülçüsi Azat Wahitow habarçylara beren interwýusynda respublikanyň ýaşaýjylary Nikolaý Şwesowyň, Sergeý Orlowyň, Konstantin Nesterowyň we Igor Kuçumowyň internetde seperatistik mazmunly maglumatlary ýaýradanlykda aýyplanýandyklaryny mälim etdi.

Hususan-da, ol bu graždanlaryň häzirki Başgyrdystan respublikasynyň ýerine Orsýetiň Ufa guberniýasyny döretmek ideýasy bilen çykyş edendiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG