Sepleriň elýeterliligi

Ukrainanyň IIM-i ynsan hukuklary boýunça bölümini ýapmakçy


Düýn Ukrainadaky ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar ýurduň Içeri işler ministrligindäki ynsan hukuklaryna gözegçilik ediji bölümiň ýapyljakdygynyň yglan edilmegine protest bildirdiler.

Bu baradaky plan düýn içeri işler ministriniň maslahatçysy Konstantin Stohnyý tarapyndan bu Ministrligiň internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatda mälim edildi.

Bu soňky çäreler Ukrainanyň täze bellenen içeri işler ministri Anatoliý Mohilýowyň inisiatiwasy bilen başlanan reformalaryň çäklerinde peýda boldy.

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginde ynsan hukuklaryna gözegçilik ediji bu bölüm 2008-nji ýylda döredilipdi.
XS
SM
MD
LG