Sepleriň elýeterliligi

«Rubin» bilen «Wolsburg» komandasy duşuşdy


Düýn futbol boýunça Ýewropa Ligasynda çykyş edýän Tatarystanyň «Rubin» komandasy Germaniýanyň «Wolsburg» komandasy bilen ikilenji gezek duşuşdy.

Orsýetiň çempiony bolan «Rubin» bilen Germaniýanyň çempiony «Wolsburgyň» arasyndaky bu bäsleşik Germaniýada geçdi.

Bu komandalaryň Orsýetde geçirilen ozalky bäsleşigi 1-1 hasap bilen deňme-deň tamamlanypdy.

Düýn oýnuň birinji ýarymynyň 21-nji minudynda «Rubiniň» oýunçysy Alan Kasaýew hasaby açdy. Ýöne oýnuň ikinji ýarymynda, ýagny, 58-nji minudynda «Wolsburg» komandasyna hasaby deňlemek başartdy.

Şeýlelikde, oýnuň umumy wagty ýene 1-1 hasap bilen deňme-den tamamlanansoň, komandalar goşmaça berlen wagtda oýnamaly boldular. Goşmaça wagtda «Wolsburg» komandasy «Rubiniň» derwezesine ýene bir gol salyp, UEFA çempionatynyň çärýek finalyna çykdy.
XS
SM
MD
LG