Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-täjik hökümetara ylalaşyklaryna gol çekildi


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistana edýän iki günlük saparynyň barşynda ýurdun prezidenti Emomali Rahmon bilen gepleşik geçirdi.

Şol gepleşikleriň yzy bilenem hökümetara ylalaşyklaryna gol çekişlik dabarasy boldy. Hususan-da, bu gol çekilen dokumentleriň hatarynda aragatnaşyk we informatizasiýa, şeýle hem standartlaşdyryş, metrologiýa, sertifikasiýa we akkreditasiýa meselelerindäki hyzmatdaşlyklar barada-da ylalaşyklar boldy.

Mundan daşary, Türkmenistan bilen Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň 2010-2011-nji ýyllar boýunça hyzmatdaşlyklary barada ýörite ylalaşyga we käbir beýleki ylalaşyklara gol çekildi.

Düýnki gepleşikleriň barşynda prezident Berdimuhamedow Täjigistanyň prezidentini özüne amatly wagty Türkmenistana sapar etmeklige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG