Sepleriň elýeterliligi

Näme üçin gapydan girmän, penjireden gygyrmaly?


Müňlerçe orsýetliler 20-nji martda Orsýetiň dürli şäherlerinde ýöriş geçirip, ýurtdaky ýaramaz ýaşaýyş şertlerine we korrupsiýa garşy protest bildirmekligi planlaşdyrýarlar. Ýöne bu planlaşdyrylýan protest usulyny orsýetli aktiwistleriň hemmesi goldap hem barmaýar. Şolardan birem adam hukuklary boýunça belli aktiwist Wýaçeslaw Lysakow.

Wýaçeslaw Lysakow
Wýaçeslaw Lysakow Orsýetin Döwlet Dumasyna konsultasiýa üçin yzygiderli gatnaýan, hökümet resmileridir žurnalistler bilen dürli duşuşyklary geçirip gelýän aktiwistlerden biri. Ol öz internet saýtynyň üsti bilen hem dürli jemgyýetçilik-syýasy meseleler barada aktiw çykyş edip gelýär. Ol her gün diýen ýaly habar serişdelerine interwýu berýär we mundan daşgary her hepdäniň ýekşenbe güni Moskwa radiosynda ýörite programmany alyp barýar.

Şeýle aktiwligi bilen tanalýan 56 ýaşly Wýaçeslaw Lysakow köçe protestlerine özüniň wagtyny sarp etmeýändigini aýdýar: «Köçe protestlerine taýýarlyk işi tutuş bir aý wagtyňy alýar. Munuň üçin ýörite websaýt döretmeli, forumlara maglumatlary ugratmaly we şuňa meňzeşler. Bu iş örän uly guramaçylygy, köp energiýany we resurslary talap edýär. Şol bir wagtyň özünde-de, häzirki wagtda beýle işleriň berýän netijesi örän az».

W.Lysakow köçe protestleri bilen deňeşdireniňde, graždan hukuklary ugrunda göreşmekligiň has netijeli usullarynyň bardygyny aýdýar. Onuň pikiriçe, şeýle netijeli usullardan biri öz arza-şikaýatyňy häkimiýetleriň özlerine elin gowşurmak.

Orsýetde köçe çykyşlarynyň kem-kem möwç alýan şertlerinde W.Lysakow ýaly käbir aktiwistleriň bu babatda şeýle passiw garaýyşlara eýermekleri birneme geň bolup görünýär. Sebäbi W.Lysakow ýaňy-ýakynlara çenlem aktiw köçe agitatory hökmünde tanalyp gelinýärdi we onuň gurnamagynda ençeme örän uly protest çykyşlary geçirilipdi. Şol çykyşlaryň netijesinde anyk netijeler hem gazanylypdy.

Ýöne muňa garamazdan, W.Lysakowyň «Swoboda wybora» atly toparynyň aktiwistleri soňky wagtlar ýurtda geçirilýän köpçülikleýin protest çykyşlarynda göze ilmeýärler. Bu toparyň agzalary 20-nji martda Orsýetdäki pes aýlyk haklaryna, nyrhlaryň ýokarlanmagyna we giň ýaýran korrupsiýa garşy protest bildirilip, tutuş ýurt boýunça gurnaljak protest çykyşlaryna-da gatnaşmakçy däl.

“Çynlakaý kabul edilmeýär”

W.Lysakow özlerinin bu protest çykyşlaryna gatnaşmazlyklarynyň sebäbini şeýle düşündirýär: «Biz aksiýa geçirenimizde, bir ýa iki sany talap bilen çykyş edýärdik. Ýagny, biz anyk, belli bir problema boýunça çykyş edýärdik. Soňky gurnalýan protest çykyşlarynyň betbagtçylygy bolsa olary gurnaýjylaryň we oňa gatnaşyjylaryň örän köp dürli çagyryşlar bilen çykyş edýänliginde. Olarda onlarça ykdysady mazmunly çagyryşlar, ýene onlarça syýasy mazmunly çagyryşlar bar. Protestçilerde anyk maksat bolmansoň, bular ýaly köpmanyly çagyryşlary hiç kim çynlakaý kabul etmeýär».

W.Lysakow özüniň «Swoboda wybora» atly toparynyň bir ýyl mundan ozal köçe ýörişlerinden ýüz öwreli bäri has gowy netijeleri gazanyp başlandygyny aýdýar. Ol indi öz toparynyň lobbistik metodlary ulanýandygyny, ýagny deputatlar, organ işgärleri we hökümet resmileri bilen gönüden-göni kontakta girmek arkaly hereket edýändigini nygtaýar.

Hakykatdanam, W.Lysakowyň «Swoboda wybora» atly toparynyň ýakynda ýeňil maşynlardaky çagalaryň oturgyçlary üçin göz öňünde tutulýan salgytlaryň ýatyrylmagyny gazanandygyny bellemek ýerlikli bolsa gerek. Mundan daşgary jenap Lysakow ýakynda Orsýetde ýüz beren iki sany awtomobil heläkçiligi boýunça jenaýat işiniň gozgalmagynda-da özüniň we öz egindeşleriniň uly rol oýnandygyny aýtdy.

Wýaçeslaw Lysakow ilatyň hak-hukuklary ugrunda çykyş edýän beýleki adamlaryň hem öz metodyna eýeren halatynda olaryň has oňyn netijeleri gazanyp biljekdiklerine doly ynanýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG