Sepleriň elýeterliligi

logo-print
"Öwlüýäler ummany
Ol Rumystany görsem".

Magtymguly
Magtymguly atamyzyň bu şygrynda ynsanyň mukaddes görýän we hormatlaýan öwlüýäler dünýäsine goýulýan sarpasy beýan edilýär. Dogrudan-da, türkmenleriň öwlüýälere goýýan hormaty uludyr. Olar töwir we dileg edenlerinde, hökman öwlüýäleriňem atlaryny tutup geçýärler. Çagasy bolmaýan gelinler perzent dilese, syrkaw adamlar öwülýälere zyýarat edip, jan saglyk dileýärler. Türkmenistanda hemme öwlüýäler keramatly diýip hasap edilýär. "Ak işan", "Goçgar ata", "Arçman ata", Könürgençdäki "Üç ýüz altmyş öwlüýä" türkmenleriň zyýarata edýän ýerleridir.

Sowet döwründe zyýarat etmek gadagan edilýärdi. Öwlüýä gelýän adamlar köplenç gizlinikde gelip, aýat-töwir edip gidýärdiler. Türkmenistan garaşsyzlygyny alansoň, zyýarat etmek, adaty ýagdaýa öwrüldi. Adamlar diňe zyýarat etmän, eýse ýakyn merhumlarynyň guburyny arassalap, oňa dürli görnüşlerde ýadygärlik goýýarlar. Bu hem türkmenleriň ölä hormat etmeginiň täze bir görnüşidir. Bu adat ýyllaryň dowamynda türkmenleriň arasynda ornap gitdi.

Öwlüýälere el uruldy

Saparmyrat Nyýazow ýurdy dolandyran ýyllary diňe adamlaryň jaýlaryny däl, eýse türkmenleriň sarpa goýýan öwlüýäsine hem el urdy. Onuň görkezmesi bilen Aşgabadyň etegindäki we Ahal welaýatyndaky öwlüýälerde 2000-nji ýylyň maý aýyndan başlap, merhumlary jaýlamak gadagan edildi. Merhumlary gumuň eteginde, Çoganly obasynda açylan täze öwlüýäde ýerlemek karary çykaryldy. Adamlar muňa bialaç razy bolan hem bolsalar, ýöne olaryň hossarlary soňky deminde özlerini öňden bar öwlüýälerde, ata-babalarynyň gapdalynda ýere bermegi haýyş edýärdiler.

Saparmyrat Nyýazowyň zulumyndan çekinmedik adamlar öz bendileriniň haýyşyny nazara alyp, gijäň içinde-de merhumlaryny öz öňki öwlüýälerinde ýerlän bolsalar, galanlary öz ölülerini täze açylan gumdaky gonamçylykda ýerleýärdiler. Haçan-da 2006-njy ýylyň awgust aýynda täze jaýlar gurulýar bahanasy bilen Saparmyrat Nyýazow Garadamak gonamçylygyny doly sürmek we onuň ýerinde beýik ymaratlary galdyrmak hakyndaky karary çykaranda, men öz ýanymdan "Ind-ä halk aýaga galar, mundan beter dymmak, binamyslygyň aňrybaşy bolar" diýip, pikir etsem-de, garaşan duýgularym, amala aşmady. Adamlar, ýaşulular we ýaşkiçiler öz merhumlarynyň rahatlygyny goramadylar.

Şol kararyň çykan gününiň ertesi bir ýoldaşym bilen Garadamak gonamçylygyna bardyk. Gonamçylygyň gündogar tarapyndaky mazarlaryň bir topary eýýäm gazylyp durdy. Merhumyň hossarlary mazardan çykan süňklerini çöpleýärdiler. Hossarsyz merhumlaryň – olar has köpdi – galyndylaryny 5-6 sany esger oglan ellerine ellik geýip, biz matalara dolap, gapdalda duran uly ýük awtomaşynyna ýükleýärdiler. Muňa şol wagtky Türkmenistanyň din işleri boýunça edarsynyň, häzirki saýlawlar komissiýasynyň başlygy Myrat Garryýew ýolbaşçylyk edýärdi. Ol, ýetişip bildiginden, gabyr gazýanlary howlukdyrýardy. Onuň görkezmesi boýunça, satlyk, binamys mollalaryň birnäçesi, esasanam öňki "Leningrad" kolhozynyň ymamy, adamlara öwlüýä barmazlygy wagyz edýärdi. Onuň aýtmagyna görä, "Kimde-kim gonamçylyga barsa, hem-de ýatanlary bimaza etse, onda ol Allanyň zulumyna duçar bolýarmyş". Oňa bu sözleri diýdirýänem Myrat Garryýew bolmaly. Sebäbi Myrat Garryýew märekäniň birden gonamçylyga çozup gelmeginden howatyr eden bolmaly. Ynanjaň adamlar, dogrudan-da, mollanyň sözlerine gulak asyp, gonamçylyga barmadylar. Ýöne Myrat Garryýew häzirem gezip ýör, ol merhumlaryň biriniň däl, müňüsiniň süňklerini gabryndan gazyp çykarsa-da, näme üçindir Allanyň gazabyna duçar bolmady.

Ömrümde birnäçe sapar merhumyň soňky ýola ugradylyşyny, ýere depin edilişini görsem-de, hiç haçan içki jaýyndan çykarylýan ölüleri görmändim. Bu ýagdaý maňa belli kinorežissýor Mihail Roomyň "Adaty faşizm" diýen dokumental filmini ýatlatdy. Faşistler süňke öwrülip giden bendileri bir çukurdan çykaryp, beýlekisine taşlaýardylar. Bu hereketler Garadamak gonamçylygynda-da edil şonuň ýaly boldy. Meni ýene bir geň galdyran zat, merhumlary idäp gelen hossarlarydy. Gonamçylyga gelen adamlaryň hemmesi diýen ýaly näme üçindir aýallardy. Aýallarymyz erkekleriň ýerini tutjak bolýardylar, erkeklerimiz bolsa ýaşmakly, öýlerinde çagalaryny güýmeýärdiler. Gelen iki-ýeke erkekleriň hem aglabasy gonamçylyga girmekden çekinip, maşynlarynda otyrdylar. Bu pursaty ýadyňa salmak gaty agyr degýär.

Köşi obasyna ýetmäňkäň...

Aşgabadyň öňki Watutin köçesiniň ugrunda, Köşi obasyna ýetmäňkäň, uly öwlüýä bar. Onda dürli dinden bolan adamlary ýerleýärdiler. Bu gonamçylygyň merkezinde, döwlet işgärleri bilen birlikde medeniýet we sungat hem-de ylym-bilim pudaklarynda ýurdumyzda uly yz galdyryp giden adamlary jaýlaýardylar. Gonamçylygyň içi beýleki öwlüýälere seredeniňde, örän arassa saklanýardy. Käbir adamlar gelip, ýatan merhumlara hormat edip, gül desseleini goýup, aýlanyp, doga-töwir edip gidýärdiler. Bu ýerde döwlet işgärlerinden Şaja Batyrow, Balyş Öwezow, Ýazguly Hudaýberdiýew, Muhammetnazar Gapurow, Gylyçdurdy Sähetmyradow, ýazyjylardan Berdi Kerbabaýew, Aman Kekilow, Hydyr Derýaýew, Kerim Gurbannepesow, Gara Seýitliýew, Beki Seýtäkow, Gylyç Kulyýew, Towşan Esenowa, Ata Atajanow, Täşli Gurbanow, Ýuriý Rýabinin, teatr we kino sungaty işgärlerinden Alty Garlyýew, Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Gylyç Berdiýew, bagşy-sazandalardan Mylly Täçmyradow, Sahy Jepbarow, Daňatar Öwezow, Nury Halmämmedow we başga-da birnäçe gerçekleriň gubury bar.

Beki Seýtäkowyň-da daşa berkidilen barelýef şekili goparylyp, ýadygärlikde diňe onuň ady galypdyr.
Emma Saparmyrat Nyýazow bu gonamçylygam ýok etmäge synanyşdy. Ilki onuň buýrugy bilen gonamçylygyň girelgesindäki derwezäni aýryp, ýerini kerpiç bilen örüp ýapdylar. Gonamçylyga adam girer ýaly edilmedi. Diňe birlän-ikilän adam bolaýmasa, oňa girip bilen bolmady. Eýesiz we hossarsyz galan gonamçylyk az wagtda haraba öwrüldi. Neşeleri ýetmän, ygyp ýören näkesler gonamçylykdaky guburlaryň daşyna aýlap goýlan aýmançalary we merhumlaryň üstünde dikilen ýadygärliklerdäki reňkli demirlerden ýasalan şekillerini goparyp, ony neşe satyn almak üçin deger-degmez bahasyna satypdyrlar. Ine, bir wagtlar Sahy bagşynyň guburynyň üstünde dikilen ýadygärlikdäki şekilinden indi onuň dutar kakýan eliniň ýarpysy galypdyr. Ýazyjy Beki Seýtäkowyň-da daşa berkidilen barelýef şekili goparylyp, ýadygärlikde diňe onuň ady galypdyr. Beýle ýaramazçylyk sanardan gaty köp.

Sowet döwründe gonamçylygy sürüp aýyrmak üçin ýörite ykrar edilen tertip-düzgün bardy. Şol düzgün boýnça iň soňky merhum ýere depin edilenden soň, 40 ýyl geçmelidi. Şeýle karar Ministrler Soweti tarapyndan çykarlypdy. Emma Saparmyrat Nyýazow sanlyja ýyl mundan öň jaýlanan, entek ýere siňip gitmedik merhumlary gozgap, kese ýerli duşmanlaryň etmedik hereketlerini etdi.

Men köp yryma we beýleki zatlara ynanýan adam däl, ýöne bir ýaşulynyň "öwlüýä degen baýnamaz" diýen gürrüňi henizem gulagymdan gidenok. Belkem, bu şeýledirem. Merhumlary gozgansoň, S.Nyýazow uzak gitmän, ýanyny ýere berdi.

Eger ölüler ses berip bilýän bolsadylar, onda olar Gurbanguly Berdimuhamedowa öz seslerini bererdiler. Sebäbi S.Nyýazow ýogalyp, G.Berdimuhamedow prezidentlige geçensoň, merhumlara ýeriň astynda asuda ýatmaga mümkinçilik döredi, indi öwlüýälere degilmez diýibem umyt edýän.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG