Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda oppozision aktiwistleri saklandy


Gyrgyzystanyň oppozision partiýasy şu gün üç aktiwistiniň paýtagt Bişkekde saklananlygyny aýtdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy habar berýär.

Gyrgyzistanyň “Ak Laçyn partiýasynyň” metbugat wekili Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, şol aktiwistleriň ady agzalýan partiýa tarapyndan 23-nji martda gurnaljak üýşmeleň barada listowkalar ýaýradyp ýörkä polisiýa tarapyndan saklananlygyny aýtdy.

Wekiliň aýtmagyna görä, ilki bilen Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleriniň işgärleri şol aktiwistleriň ýanyna baryp, olaryň listowkalaryny ellerinden alypdyr, soňra olar polisiýanyň merkezine alyp gidipdirler.
XS
SM
MD
LG