Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy bes etmäge Ysraýyla çagyryş edildi


Ýakyn Gündogaryň parahatçylygy boýunça gepleşikler geçirýän halkara topar Ysraýyly jedelli regionlarda täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy bes etmäge çagyrdy.

Olar häzirki döwürde Palestina bilen Ysraýylyň arasyndaky parahatçylyk boýunça gepleşikleriň başlanmagy meselesine garaýarlar.

“Qaurtet” hem diýilip atlandyrylýan şol topara ABŞ bilen bir hatarda, Orsýet, BMG we ÝB girýär. Bu topar tarapyndan kabul edilen karar BMG-niň baş sekretary Ban Ki Mun tarapyndan şu gün Moskwada yglan edildi.

Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda göni gepleşikleriň başlanmagyna esas döretmek üçin, bu iki tarap ilki bilen ýüzbe-ýüz bolmadyk gepleşiklere başlamalydyr.

Täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy bes etmegi baradaky “Qaurtet” toparynyň Ysraýyla eden çagyryşyna Palestinanyň hökümeti oňyn baha berdi.
XS
SM
MD
LG