Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington bilen Moskwa START boýunça ylalaşyga ýakynlaşdy


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton ýadro ýaraglarynyň sanyny azaltmak baradaky täze şertnama boýunça Waşington bilen Moskwanyň ylalaşyga ýakynlaşanlygyny aýtdy.

Klinton bu baradaky pikirini Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew bilen şu gün Moskwada geçiren duşuşygyndan söň öňe sürdi.

Klinton bu barada gepleşikler alyp barýan amerikaly wekilleriň bu şertnama boýunça uly maddalar barada ylalaşyga gelinenligini aýdanlygyny belläp, diňe käbir tehniki meseleleriň çözülmegine garaşylýanlygyny aýtdy.

Orsýet bilen ABŞ 1991-nji ýylda ylalaşylan Strategiki ýaraglaryň sanyny azaltmak baradaky şertnama boýunça täzeden ylalaşyga gelmäge synanyşýarlar.

Bu şertnamanyň möhleti 2009-njy ýylyň dekabr aýynda tamamlandy.
XS
SM
MD
LG