Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Beýik Hytaý diwary derweze açdy


Elbetde, biz ol döwürlere şaýat däl. Ýöne taryhda galdyrylan ýazgylara görä, gunlar - türkmenleriň ata-babalary bolupdyr. Beýik Hytaý diwary bolsa gunlardan gorkulyp, gunlaryň batyrlygynyň öňünde durmaga tabyň bolmanlygy üçin galdyrylypdyr.

Taryh uzakda galdy. Häzir dünýe başgaça ýaşaýar. Gadymda biri-biriniň ýurduna kesekini aýak basdyrmajak bolup, gan döküşen döwletler indi birek-birege dostlukly gol uzadyşyp, biri-birine ýapyk gapylaryny açýarlar. Asyrlaryň dowamynda özüniň taryha hem dünýä belli bolan beýik diwarynyň içinde gunlaryň nesilleriniň taryhyndan-da, özlerinden-de bihabar ýaşan hytaýlylar hem Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň özleriniň beýik diwarlarynyň derwezesini gunlaryň nesilleriniň ýurduna tarap giňden açdylar.

Hytaý Halk respublikasynyň hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň dostlukly hyzmatdaşlyklara gol goýmaklarynyň netijesinde Türkmenistan - Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak hem-de türkmen tebigy gazyny Hyýtaý Halk respublikasyna akdyrmak barada Türkmenistan hem-de Hytaý tarapyndan hökümetara baş ylalaşygyna gol çekilipdi. Bu ylalaşygyň ýerine ýetirilmegine Türkmenistanda iňňän möhüm ähmiýet berildi hem ol ylalaşyk iş ýüzünde amala aşyryldy - bütin dünýä mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda türkmen tebigy gazy Beýik Hytaý diwarly Hytaýa tarap akyp başlady.

Hytaýly hyzmatdaşlar Türkmenistanda maýa goýum taslamalaryny-da amala aşyrdylar. Türkmenistanda hytaýly hyzmatdaşlaryň umumy bahasy 1,5 milliard ýuana we ABŞ-nyň 390 million dollaryna barabar bolan 41 sany maýa goýum taslamasy amala aşyryldy.

Türkmenistanda hytaýlylar örüsini giňeldýärler. Olar türkmenistalylar üçin iş ýerlerini açýarlar. Şu günler hytaý firmalary dürli hünärler boýunça adamlary işe alýarlar. Hytaýlylar bilen işleşmek üçin rus dilini gowy bilmeli, iň bolman, rus dilinde düşünişip bilmeli. Esasan, olar iňlisçe-de gowy gürleýärler.

«Gelen - döwlet»

Orsýede işlemäge gelýän hytaýlylaryň orsýetli gyzlar bilen nikalaşyp, soňra özlerini propiska salmagy hem-de özlerine graždanlyk bermegi talap edýändikleri hakda adamlaryň arasynda gürrüň edýärler. Türkmen gyzlary Türkmenistana gelýän türklere, eýranlylara-ha durmuşa çykýarlar. Olaryň hut «ig» diýlip hasaplanýan türkmenlere meňzäp duran - gara gözli, gara saçly, garaýagyz millet bolan hytaýlylar bilen nikalaşmak meselesi bolarmy-bolmazmy, ony häzir hiç kim aýdyp bilmez.

Ýöne her hili ýagdaý bolup biler. Käte «Oslanmadykdan osluk çykar» diýlenem bolaýýar. Eger türkmen gyzlary olar bilen nikalaşmasa-da, Türkmenistanda ýaşaýan ýüze golaý milletiň wekilleriniň ählisiniň gyzlaryna hytaýly bilen nikalaşmaz diýip hiç kim güwä geçip bilmez.

«Şeýle ýagdaýda hytaýlylar Türkmenistanda hem özlerini propiska etmegi we graždanlyk bermegi talap edip başlasalar, nähili bolarka?» diýip, häzirden türkmen topragyny hytaýlylardan gabanyp, howsala düşýänlerem ýok däl. Türkmenistanda ýaşaýan türkmen däl milletleriň käbirleriniň gyzlarynyň ýurda işlemäge gelýän afrikalylar, päkistanlylar, hindiler, araplar bilen mähirli gol tutuşyp, kafedir restoranlara, barlara, teatrlara barýanlary gizlin däl. Olaryň islän kişisi bilen nikalaşmajagyna hiç kim güwä geçip bilmez.

Nähili wakalaryň ýüze çykmagyna sebäp bolsalar-da, türkmenler öz ýurduna gelýänlere «Gelen - döwlet» diýýärler. Hytaýlylar hem türkmen üçin belki, «Gelen döwlet» bolsun!

Çoluk Möwlamow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu ýerde öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG