Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda reforma: Sözden işe nädip geçmeli?


Türkmenistanyň Adalat ministrligi
Türkmenistanyň Adalat ministrligi
Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrligi adam hukuklarynyň 2009-njy ýyldaky ýagdaýy boýunça hasabat ýaýratdy.

Ol hasabatda Türkmenistan Owganystan, Belarus, Birma, Wýetnam, Zimbabwe ýaly alada döredýän 22 ýurduň arasynda görkezilýär.

Şeýle-de hasabatda britan hökümetiniň bu meselede türkmen hökümetine edýän kömekleri, döwlete degişli däl guramalaryň edýän kömekleri barada mysallar getirilýär.

Britaniýanyň Daşary işler ministrligi türkmen hökümetiniň halkara jemgyýetçiligi bilen dialoga taýyn diýýändigini, ýöne bu beýanaty anyk iş bilen berkitmeýändigini aýdýar.

Hasabatda Türkmenisatanda söz azatlygy, kanunyň hökmürowanlygy, syýasy tussaglaryň ýagdaýy barada öňegidişligiň görünmeýänligi aýdylýar.

Şu habar bilen baglylykda bu gezekki «Tegelek stol» söhbetdeşliginde adalat reformasy we sözden işe geçmek barada pikir alyşmagy makul bildik.

Gepleşigi Pragadaky studiýadan Ýowşan Annagurban alyp barýar.

“Tegelek stol” diskussiýasyny diňlemek üçin sag tarapda ýerleşdirilen audio düwmesini basyň.
XS
SM
MD
LG