Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň başlygy Ban Ki Mun Gaza bardy


BMG-niň baş sekretary Ban Ki Mun Ýekşenbe günu Orta Gündogar saparynyň çäginde Gaza baryp gördi.

Gaza, Hamasyň ýolbaşçylygy sebäpli, üç ýyla golaý Ysraýylyň gabawynda saklanýar. Bu ýagdaý çydap bolmajak jebir-süteme sebäp bolýar, ekstermizmi artdyrýar.

Ban Gaza şäheriniň uruşdan zeper ýeten böleginde ýaşaýjylara raýdaşlyk bildirdi. Şenbe güni ol Ysraýyly basylyp alnan Günbatar Kenarda we Gündogar Iýerusalimde jaý gurmagy bes etmäge çagyrdy.

ABŞ-nyň Orta Gündogar wekili Jorj Mitçel hem palestinalylary we ysraýyllylary parahatçylyk gepleşiklerini gaýtadan başlamaga çagyrmak üçin bu sebite sapar edýär.
XS
SM
MD
LG