Sepleriň elýeterliligi

Günorta Owganystanda bolan partlama 10 adamy öldürdi


Ýekşenbe güni günorta Owganystanda goşun konwoýyny nyşana alan bomba partlamasy azyndan 10 adamy öldürip, 9 adamy ýaralady.

Helmand welaýatynyň hökümet sözçüsi Daud Ahmadi bu partlamanyň Gereşk etrabynyň köp adamly ýerinde bolandygyny aýtdy. Ol bombanyň konwoý köprüden geçenden soň partladylandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Köpriniň aşagyna ýygnanan adamlar Otparazlyk döwründen däp bolan täze ýyly belleýän eken.
XS
SM
MD
LG