Sepleriň elýeterliligi

Eýran liderleri Nowruz gutlagynda «duşmandan üstün çykylandygyny» aýdýarlar


Eýranyň liderleri Nowruz gutlagynda ýurduň döwlete garşy dildüwşük guran duşmanlardan üstün çykandygyny aýtdylar.

Döwlet telewideniesi tarapyndan aýry-aýrylykda efire berlen habarlarda ýokary lider Aýatolla Aly Hameneýi ýurduň «hüşgärligi» onuň duşmanlaryny ýeňdi diýse, perzident Mahmut Ahmedinejat Eýran öz duşmanlarynyň «ellerini keser» diýip duýduryş berdi.

Olaryň bu beýanaty ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň eýranlylary Nowruz bilen gutlap aýdan sözleriniň yzysüre eşidildi.
XS
SM
MD
LG