Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwadan Olimpiýadadan öň ötünç soramak talap edilýär


Çerkes diasporasy Ýekşenbe güni Moskwa 19-njy asyrda Soçide we onuň töwereginde öldürilen adamlar üçin ötünç soramasa, 2014-nji ýylda Soçide geçirilmeli Gyşky Olimpiýadanyň ýatyrylmagyny ýa başga ýere geçirilmegini talap etdi.

Rus patyşasynyň harby kampaniýasy netijesinde Soçide we onuň töwereginde 300 müň çerkesiň öldürilenine 2014-nji ýylda 150 ýyl dolýar.

Demirgazyk Kawkazdaky ýerli musulmanlaryň millionlarçasyna wekilçilik edýän diaspora häzir daşary ýurtda ýaşaýar we Soçide gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçirmegi faşistleriň ölüm lageri bolan Oswensimde sport oýunlaryny geçirmek bilen deňeýär.

Orsýet bu talaba reaksiýa bildirmedi.
XS
SM
MD
LG