Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde müňlerçe adam protest gününi belledi


Şenbe güni Orsýetde müňlerçe adam hökümetiň ykdysady syýasatyna garşylyk bildirmek we has köp syýasy azatlyk talap etmek üçin ýöriş etdi.

Kaliningradda birnäçe müň aktiwist demonsrtasiýa gadaganlygyna garşy çykdy. Olar «Hökümet işden çekilmeli» diýip gygyrdylar. Şeýle-de olar welaýat gubernatorynyň işden çekilmegini talap etdiler.

Moskwada, aýdylmagyna görä, Puşkin meýdançasynda geçirilýän ygtyýarsyz ýygnanyşyga gatnaşdyrmazlyk üçin, polisiýa onlarça protestçini tussag etdi.

Petrburgda 1000 çemesi adam proteste çykdy, ýöne olara polisiýa azar bermedi.
XS
SM
MD
LG