Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň premýer-ministri Netenýahu Obama bilen duşuşar


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu şu hepde ABŞ-a etjek saparynyň çäklerinde ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen duşuşar - diýip, ysraýyl premýeriniň metbugat sekretary Mark Regew aýtdy hem gepleşikleriň 23-nji martda boljakdygyny habar berdi.

Gündogar Iýerusalimde ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam etdirmek baradaky planyny ysraýyl hökümeti yglan edenden soň, ABŞ bilen Ysraýylyň arasynda garşylyklar döredi. Şol plan ysraýyl-palestin ýaraşyk gepleşiklerini dikeltmek boýunça Waşngtonyň tagallalaryna päsgelçilik döredýär.
XS
SM
MD
LG