Sepleriň elýeterliligi

Merkel: “Gresiýa maliýe goldawyna mätäç däl”


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Gresiýanyň häzir haýsydyr bir maliýe goldawyna mätäç däldigini, hepdäniň penşenbe güni Brýusselde boljak Ýewrobileleşigiň liderleriniň sammitinde bu meselä seretmegiň hökman däldigini aýtdy.

Düýn Berlinde çykyş edip, Merkel şeýle-de Gresiýa karz bermek borjuny Ýewrobileleşigiň öz üstüne almaly däldigini aýtdy. Eger kömek berilse, onuň sözlerine görä, dünýä bazaryndan bulaşyklyk döredip biler.

Ýöne Ýewrokomissiýa ýeke-täk pul bolan ýewrony synmakdan saklamak üçin Germaniýa hem ýewrozolaga girýän beýleki ýurtlar Afinä kömek bermek meselesini yza çekmegi bes etmeli diýen pikirde.
XS
SM
MD
LG