Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Nowruz baýramyny belleýär


Düýn hem şu gün Türkmenistan Nowruz baýramyny belleýär.

Düýn baýramçylygyň merkezi Köpetdagyň eteginde bolup, ol ýerde uly toý tutulyp, aýdym-saz, sport ýaryşlary geçirildi diýlip, habar berilýär.

Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň prezidenti gutlagynda “Gadym zamandan bäri ata-babalarymyz Nowruzy galkynyşyň, täzelenişiň simwoly hasaplapdyrlar, oňa bagtyň hem bolçulygyň gelmegi hökmünde hormat goýupdyrlar” diýilýär.

19-njy martda G.Berdimuhamedow Täjigistanyň Daňgara şäherinde Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaralara gatnaşypdy.
XS
SM
MD
LG