Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ban Ki-Mun Gaza sapar etdi, Ysraýyl öz diýenini tutýar


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun Ysraýyly Hamaz tarapyndan dolandyrylýan territoriýa girizen gabawyny bes etmäge hem-de palestinalylar bilen göni gepleşige tarap ädim ätmäge çagyryp, 21-nji martda Gaza sapar etdi.

Şul aralykda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu, Birleşen Ştatlaryň hem talabyna garamazdan, basylyp alnan Gündogar Iýerusalimde ýewreý obaçylygyny giňeltmegi togtatmakdan boýun gaçyrdy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun 21-nji martda Gaza sapar etdi. Bu sapar onuň Ysraýyly we palestinalylary gepleşiklere täzeden başlamaga çagyryp eden çykyşyndan bir gün soň boldy. Şeýle-de ol ýewreý döwletini basylyp alnan Günbatar kenarda we Gündogar Iýerusalimde jaý toplumlaryny gurmagy togtatmaga çagyrdy.

Bu sapar Birleşen Ştatlaryň Orta gündogar boýunça parahatçylyk wekili Jorj Mitçeliň bu sebite gelmäge taýýarlanýan wagtyna gabat geldi. Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu bolsa Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen gepleşmek üçin Waşingtona gitmäge taýýarlanýar.

Banyň çykyşy

Ban Gaza şäherinde eden çykyşynda Ysraýylyň premýer-ministrini bu zolagyň berk gabawyny aýyrmaga çagyrjagyny aýtdy. Ysraýyl 2007-nji ýylda, Gaza zolagy dünýewi Fatah hereketiniň ygtyýaryndan Hamaz yslamçylarynyň eline geçenden soň, bu territoriýany gabaw astyna alypdy.

«Premýer-ministr Benýamin Netenýahu prezident Obama hem-de Birleşen Ştatlaryň adminstrasiýasy bilen duşuşýar. Onsoň şu saparyň yzysüre men hem premýer-ministr Netenýahu bilen duşuşýaryn we bu mesele barada men hem gürrüň etjek» diýip, Ban Ki-Mun aýtdy we özüniň ysraýyl liderini bu çäklendirmeleriň baryny ýeňletmäge çagyrjagyny nygtady.

Banyň bu çagyryşy Orta gündogar kwartetiniň Moskwada bolan duşuşygynyň yz ýanyna gabat geldi. Bu topara BMG, Orsýet, Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi girýär.

Orta gündogar kwarteti Ysraýyl bilen palestinalylaryň 24 aýyň içinde bir şertnama baglaşmagy, Ysraýyl gabawynyň soňlanmagy we garaşsyz palestin döwletiniň döredilmegi üçin göni gepleşige başlamaga çagyrýar.

«Kwartet örän berk beýanat etdi. Kwartetiň bu gezekki duşuşygynda, meniň pikirimçe, soňky iki-üç ýylda edilen beýanatlaryň iň düýplisi we berki edildi. Men degişli taraplaryň, hususan-da, ysraýyl häkimiýetleriniň bu çagyryşlara, halkara jemgyýetçiliginiň talaplaryna üns berjegine tüýs ýürekden umyt baglaýaryn» diýip, Ban aýtdy.

Ysraýyl – Palestina

Ysraýyl hem Palestina taraplary bir ýyldan gowrak wagt bäri hiç hili gepleşik alyp barmaýar.

Netenýahu düýn gündogar Iýerusalimdäki jaý gurluşyklaryny çäklendirmejegini, ýagny Birleşen Ştatlaryň eden talabyna boýun bolmajagyny aýtdy. Ýöne ol ysraýyllylaryň özlerini bölýän esasy meseleler barada gürleşmek üçin palestinalylar bilen gytaklaýyn gepleşikleri dikeltmek isleýändigini agzady.

Başda Netenýahu göni gepleşikler başlaýança, Gündogar Iýerusalimiň dawaly durumy, gutarnykly araçäk we palestin bosgunlarynyň ykbaly ýaly meseleler boýunça gürrüňi soňa goýmakçydy.
XS
SM
MD
LG