Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä türkmenlerini birleşdirmek ideýasy


Türkmenistanyň prezidentiniň teklibi bilen türkmen delegasiýasynyň wekilleri Täjigistanda ýaşaýan türkmen diasporasy bilen duşuşdy.

Türkmen propagandasy bu fakty şol bada umumylaşdyryp, ony dünýä türkmenlerini agzybir etmegiň simwoliki alamaty hökmünde häsiýetlendirdi.

Şu wakanyň aňyrsynda dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenleriň ýagdaýy bilen bagly birgiden problemalar ýatyr. Şu jähtden syn edilse, Täjigistanda ýaşaýan türkmenleriň ýagdaýy Eýrandaky türkmenleriňkiden elhal görünýär.

Bu ikisini deňeşdirere esas bar. Täjigistanda 25 müň töweregi türkmen ýaşaýar, olaryň ýedi sany türkmen mekdebi bar.

Eýrandaky türkmenler

Dürli maglumatlara görä, Eýranda üç bilen dört million aralygynda türkmen ýaşaýar. Ýöne bu ýurtda milli türkmen mekdebini açmak gadagan. Hatda Eýran mekdebinde türkmen dilinde öz aralarynda gürleşmegem gadagan. Eger türkmen çagalary öz milli geýminde köpçülik ýerlerine geläýse, ýakymsyzlyklara garaşybermeli.

Eýrandaky ýaşaýan türkmenler Nyýazowyň özlerine arka çykmagyna köp garaşdylar. Ýa syýasy sebäplere görä, ýa-da özi islemän, ol Eýranda ýaşaýan türkmenlere kömek üçin ýeke ädimem ätmedi. Tersine, ýagdaý barha erbetleşdi, çünki Eýranda ýaşaýan türkmenlere edilýän gysyşlara Aşgabadyňam, S.Nyýazowyňam hiç hili reaksiýa bildirmeýänini eýran häkimiýetleri görüp otyrlar.

Hut şu ýagdaý köp millionly türkmen diasporasyny parslaşdyrmak işini açyk dowam etdirmekde resmi Tährana mümkinçilik berdi.

Ýöne Eýranda ýaşaýan türkmen wekilleri Türkmenistanyň täze prezidentiniň özlerini goldajakdygy baradaky umydyndan häzirem el üzmeýärler. Çünki şu günki gün regionda güýçleriň mynasybeti üýtgedi, indi türkmen prezidentiniň abraýynyň artýan wagty Tähran Aşgabadyň pikirini, garaýşyny hasaba almaly bolýar.

Ýene bir diaspora

Ýene bir diaspora bar, türkmen häkimiýetleri iru-giç oňa-da konstruktiw nazar aýlamaly bolar. Ol Orsýetde hem Günbatar ýurtlarda dörän türkmen diasporasy.

Nyýazowyň terrory döwri olar syýasy garaýşy, häkimiýetleriňkiden başgaça pikiri üçin beýleki döwletlerden başpena soramaly bolupdylar. Olary diktator syýasy opponentleri hasaplaýardy.

Belki, şol diaspora häzir başga göz bilen seretmegiň wagty gelip ýetendir! Birnäçe hepde mundan öň G.Berdimuhamedowyň özi türkmenleri oppozision partiýalar döretmäge çagyrdy.

Orsýetde hem Günbatar ýurtlarda ýeterlik derejede bilimli, watançylyk duýgusyna ýugrulan türkmen graždanlary ýaşaýarlar, olaryň tejribeleri ýurtda düýpli özgerişler geçirmekde uly kömek bolardy.

Ýazyjylar, şahyrlar, lukmanlar, ýuristler, professional diplomatlar, taryhçylar we beýlekiler G.Berdimuhamedowyň gerek diýip, öwran-öwran gaýtalaýan inisiatiwalarynyň çeşmesi bolup bilerdi.

Ganym duşman atlandyrylanlaryň umumy iş üçin dost bolup bilýändigini dünýä praktikasy görkezdi. Ikinji jahan urşundan soň nemes diasporasy Germaniýa gaýdyp geldi, olar iş ýüzünde demokratik respublika döretmegiň gözbaşynda durdular.

Ýewropada we Amerikada ýaşaýan türkmenler demokratik şertlerde alan bilimlerini Türkmenistanda ýaşaýan watandaşlary bilen paýlaşyp bilerdiler. Ine, şonda dünýä türkmenlerini birleşdirmek ideýasy real, hakyky netijeler berer.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG