Sepleriň elýeterliligi

ÝB Eýrany senzurany bes etmäge çagyrdy


ÝB ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda Bruýsselde duşenbe güni geçirilen duşuşykda Eýrana döwlet senzurasyny bes etmek boýunça çagyryş edildi.

27 ýurduň ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýygnakdan soň ýayradylan beýanatda aýdylmagyna görä, “Tähran sputnik arkaly efire berilýän gepleşikleri doňdurmagy we interneti senzura etmegi bes etmeli” diýilýär.

Ýewropaly ministrler tarapyndan ýaýradylan beýanatda Bruýsseliň bu baradaky talaplaryny we Eýranyň kabul edip bolmajak bu syýasatyny goýbolsun etmegi üçin aladalaryny dowam etdirjekdigi aýdylýar.

2009-njy ýylda geçirilen saýlawlardan soň Eýran hökümeti žurnalistleri tussag edip, daşary ýurtly habar çeşmeleriniň gepleşiklerini hem ýurtda doňdurmaga synanyşyp gelýär.
XS
SM
MD
LG