Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak saýlawlaryndaky sesleriň gaýtadan sanalmagy ret edilýär


Yragyň saýlaw komissiýasy 7-njy martda geçirilen saýlawlar boýunça berlen sesleriň gaýtadan sanalmagy baradaky çagyryşlary ret etdi.

Ses berişlikler barada çap edilen deslapky netijelere görä, Yragyň öňki premýer-ministri Aýad Allawiniň koalisiýasy premýer-ministr Nuri Al-Malikiniň toparyndan sähelçe köp ses aldy.

Saýlawlaryň ahyrky netijesi 26-njy martda yglan ediler.

Yragyň prezidenti Jalal Talibani we premýer-ministri Maliki sesleriň gaýtadan sanalmagyny talap edipdiler.

Yragyň saýlaw komissiýasynyň wekiliniň aýtmagyna görä, ses berişliklerde bolanlygy aýdylýan galplyklar barada derňewler geçiriler , emma sesler gaýtadan sanalmaz.

Saýlawlaryň ahyrky netijesi yglan edilenden soň, bu barada şikaýat bilen ýüzlenmek üçin 3 gün möhlet berler.
XS
SM
MD
LG