Sepleriň elýeterliligi

Hezb-i-Yslam toparynyň wekilleri Karzaý bilen duşuşdy


Owganystanyň prezidentiniň metbugat wekili duşenbe güni söweşiji Hezb-i-Yslam toparynyň wekilleri bilen prezident Karzaýyň duşuşanlygyny aýtdy.

Prezidentiň wekili Waheed Omer bu duşuşygyň Hezb-i-Yslam topary bilen pikir alyşmakdan ybarat bolanlygyny belledi.

Hezb-i-Yslam Karzaýyň hökümetine garşy göreş alyp barýan gozgalaňçy toparlardan biridir.

Ýokary derejeli hökümet wekili Hezb-i-Yslam toparynyň delegasiýasyna öňki premýer-ministr Kutbutdin Helalyň ýolbaşçylyk edilenligini aýtdy.

Helal häzirki döwürde Hezb-i-Yslam toparynyň ýolbaşçysy Gulbettin Hikmetýaryň orunbasary wezipesini eýeleýär.

Bu toparyň Owganystanyň gündogarynda we demirgazygynda NATO we Owgan hökümetine garşy göreş alyp barýanlygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG