Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Ysraýylyň täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyna garşy


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Ýakyn Gündogaryň parahatçylygy boýunça Ysraýylyň “kyn emma zerur seçgi” etmelidigini aýtdy.

Klinton bu baradaky pikirini Waşingtonda ýerleşýän we Ysraýylyň tarapyny tutýan bir guramanyň ýygnagynda duşenbe güni eden çykyşynda öňe sürdi.

Klinton Ysraýylyň jedelli regionlarda ýewreýlere gönükdirip gurýan ýaşaýayş jaylarynyň Ýakyn Gündogarda ösüşiň bolmagyna böwet bolýanlygyny hem belledi.

“Iýerusalimiň gündogarynda ýa-da Iordan derýasynyň günbatar kenarynda täze jaýlaryň gurulmagy özara ynamyň döremegine kölege salýar. Bu ädim iki tarapdan hem isleg bildirilýän, şeýle-de göni gepleşikleriň geçirilmegine esas döredip biljek ýüzbe-ýüz bolmadyk diskussiýalaryň başlamagyna-da howp abandyrýar” diýip, Hillary Klinton aýtdy.

Klinton çykyşynyň dowamynda şeýle diýdi: “Bu ýagdaý Ýsraýyl bilen ABŞ-nyň arasynda pikir tapawutlylygynyň bardygyny ýüze çykarar. Şunlukda, regiondaky käbir beýleki ýurtlaryň arasynda bu ýagdaýdan peýdalanmaga umyt döräp biler. Bu ýagdaý regionda parahatçylygyň ornaşdyrylmagy boýunça ABŞ-nyň oýnap biljek roluna-da kölege salar”.

Klinton Ysraýylyň parahatçylygy we howpsuzlygy baradaky meselä Obamanyň administrasiýasynyň aýratyn ähmiýet bermäge dowam etjekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG