Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama içerki syýasatdaky möhüm maksadyna ýetdi


Amerikan Kongresiniň saglygy goraýyş baradaky reformany oňlamagy bilen prezident Barak Obama özüniň içerki syýasatdaky iň möhüm maksadyna ýetdi.

Saglygy goraýyş boýunça ýurtdaky programmalardan peýdalanyp bilmeýän on müňlerçe amerikanlylara bu mümkinçiligi döretmek saýlaw kampaniýasynda Obamanyň halka beren esasy wadalarynyň biridi.

Kongresde geçen taryhy ses berişlikden soň, Amerikan prezidenti öz şatlygyny şeýle beýan etdi: “Aslynda bu günüň bize hödürleýäni Amerikan arzuwynyň düýbüni tutmak üçin goýlan ýene bir kerpiç bolup durýar. Bu gije biz öňki nesilleriň edişi ýaly, döwrüň talabyna jogap berdik. Krizis bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, biz kynçylykdan gaçman, ony ýeňdik. Jogapkärçilikden çekinmän, oňa gujak gerdik. Biz gelejegimizden gorkamzok, ony göz öňüne getirip bilýäris. Sag boluň, hudaý sizi penasynda saklasyn. Hudaý Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny penasynda saklasyn”.

Bu kanun taslamasyny Kongresden geçirmek, dogrudan hem, aňsat düşmedi. Prezident bilen demokratlar öz pikirlerini respublikanlara we konserwatiw demokratlara kabul etdirjek bolup, bir ýyllap çekeleşip geldiler. Iň soňunda hem ol 219 ses bilen Kongresde makullanyldy. Onuň garşysyna berlen sesler 212 boldy.

Bu taslama indi Senata gitmeli. Geljek hepde hem Obama tarapyndan gol çekilip, kanuny güýje girer diýlip pikir edilýär.

“Bu artykmaçlyk däl, hukuk”

Geoff Dawis bu kanuna garşy ses beren respublikanlaryň biri. Ol öz partiýasynyň gynanjyny şeýle beýan edýär: “Meniň ýüregim bu gije gaýgy-hasrat içinde. Bu ses berişlik Amerikanyň gelejegini kesgitleýär: agyr salgyt ýüki, az-owlak alada, güýçli býurokratiýa. Demokratlar bu gün amerikan halkynyň gözüni gamaşdyryp, olary göni sosializme tarap alyp barýarlar”.

Saglygy goraýyş baradaky pikir tapawutlarynyň ideoligik esaslary bar. Onuň tarapyny çalýanlar: “Saglygy goraýyş artykmaçlyk däl, ol hukuk” diýýärler.

Kongresiň başlygy Nansy Pelosy hem şu pikirde: “Bir ýyla çeken çekişmeden soň, millionlarça amerikalynyň çagyryşlaryny eşidenimizden soň, bu taryhy pursat gelip ýetdi. Bu gün jemgyýetimiziň tamamlanman ýatan bir işini bitirip, ähli amerikanlar üçin saglyk ätiýaçlyk reformasyny oňlamaga bir pursat. Bu artykmaçlyk däl, hukuk”.

Konserwatiwler we respublikanlaryň garaýşyça, saglyk meselesi şahsy mesele. Kim näme etjek bolsa, şony etmeli. Muňa hökümet garyşmaly däl. Olar: “Geljek 10 ýyllykda hökümet muňa 900 milliard dollar çykdajy edip, agyr bergä batar” diýýärler.
XS
SM
MD
LG