Sepleriň elýeterliligi

2010-njy ýylyň 19-njy martynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Ol Permana laýyklykda:

1.Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2010-njy ýylyň aprel-iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak,

2.Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, çagyryşdan gaýra goýmaga hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryşdan gaýra goýmaga hukugyny ýitiren uly ýaşly raýatlary, şeýle hem 17 ýaşa ýeten raýatlary harby gullugy meýletin geçmek hakynda öz şahsy arzalary boýunça 2010-njy ýylyň aprel-iýun aýlarynda harby gulluga çagyrmak hakynda aýdylýar.

Her ýylyň aprel-iýun aýlarynda hem-de oktýabr-dekabr aýlarynda ogullarynyň ýaşy 18-e ýeten ene-atalar aladalar sebäpli ber-başagaý bolýarlar. Ogluna harby gulluga çagyryş haty gelenden aglap ýören ene-atalar hem kän. Bu ýagdaý şeýle bolmaz ýaly däl. Türkmenistanda Watan goraýan esgerleriň başyna düşýän gün aýdyp-diýerden çökder.

Çünki goşunmyz polat galadan,
Goraýar bizi ähli beladan
— diýen aýdymy çagalykda ähli körpelere öwredýärdiler.

Sowet soýuzy ýykylansoň, türkmen topragyny goramak türkmenleriň özlerine galdy. Türkmen topragynda ors esgerleriniň ýekejesem galmady. Ýöne olardan «dedowşina» diýen däp welin galdy. Önden gulluk edip ýören esgerleriň täze gelen esgerleri urmak däbi. Şunuň netijesinde maýyp edilen hem ölen esgerleriň sany-sajagy ýok. Ölenler-ä öldi, öz gullukdaşyny urup öldürenler bolsa türmä düşdi. Uzaga gitmän, öz ata Watanlarynyň territoriýasynda öz topraklaryny goraýan türkmenler biri-biri bilen agzybir bolmadylar. Şeýle bolansoň, ene-atalar esgerlige ugradýan çagalaryny öz şäherlerine, öz welaýatlaryna düşürmek üçin alada edýärler.

Goşundaky uruş-sögüş, ýeterlik iýmitsizlendirilmek heniz-henizlerem galarly däl. Şeýle ýagdaýda-da goşuna alynýanlaryň sany köpelmese, azalanok. Esgerler diňe gurluşyk işlerinde, garawulçylykda, gonamçylyklaryň otuny ýygmakda, pagta ýygmakda ulanylýar. Olara ýöremekden başga harby tälim öwredilmeýär. Ok atmak, ýaraglara erk etmek ýaly harby hünärler öwredilmeýär.

Bir zada üns bereliň...

Prezidentiň Permanynda 17 ýaşlylar hakyda aýdylýan sözlere üns bereliň! Ine, ýene ol sözler: « …17 ýaşa ýeten raýatlary harby gullugy meýletin geçmek hakynda öz şahsy arzalary boýunça 2010-njy ýylyň aprel-iýun aýlarynda harby gulluga çagyrmaly.»

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de « Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda harby gulluga çagyryş ýaşy 18 ýaş. Onda näme üçin eger özleri gulluk etmek isleseler, 17 ýaşlylary hem gulluga almak bellenilýär?

Esgerlige alynýan hernäçe köp hem bolsa, esgerleriň sany ýetmezçilik edýär. Sebäbi birinjiden: wezipeli adamlaryň çagalary gulluga barman, gulluk etmeli bölümlerde olaryň diňe ady ýöredilýär. Esgerleriň sanynyň ýetmezliginiň ikinji sebäbi: Ýaşlaryň köpüsi öz ýurtlarynda bilim almaga mümkinçilikleri bolmansoň, okuw üçin daşary ýurtlara gidýärler hem şol ýerlerde galýarlar. Üçünjiden: birki ýyldan bäri köp ýokary okuw jaýlarynda harby kafedra döredilip, okuwyň gapdalyndan okaýan oglanlar harby tälimler boýunça okadylýar.

Orta mekdepleri 17 ýaşynda tamamlaýan ýaşlar gulluga çagyrylyş ýaşy dolýança bir ýyllap garaşmaly bolýarlar, olar şol aralykda okuwa girip bilmeseler, iş tapyp bilmeseler, wagtlaryny biderek zatlara sarp edýärler. Neşe söwdasyna ulaşýarlar, sergezdançylyk sebäpli urşup, türmelere düşýänler-de kän bolýar. Şeýle wakalara ulaşmaz ýaly, elbetde, özleri razy bolsalar, 17 ýaşlylar hem gulluga alynsa gowy. Ýöne gulluga alynmak başga zat, gullugy geçmek başga zat. Harby gullugy geçmäge 18 ýaşlylar çydaman, her hili bela-beterleriň üstünden baryp durkalar, 17 ýaşlylary harby gulluga çagyrmak hem howply.

Esgerler biri-biri bilen uruşmaklary sebäpli özlerini alyp gitmeklerini sorap, öýlerine hat ýazýarlar. Ene-atalar tanyş - biliş gözleşip, çagalaryny ondan-oňa göçürjek bolup, gaýgy-alada galýarlar.

Häzirki nesliň özi gowşakmy, ýa-da hakykatdan-da harby bölümlerde rehimsizlik güýçlümi, özlerini asyp öldürýänler, otlanýanlar-da az däl. Olara syn edeniňde Türkmenistanyň üstüne hiç kimiň çozmaýandygyna, onuň Bitaraplygyň saýasynda ýaşaýanlygyna şükür edýärsiň. «Eger ýurdy goramak ykbaly gözümiziň görüp duran esgerleriniň başyna dagy düşäýse, türkmen halkynyň ne günde galjagy belli däl» diýip, içiňi gepledeniňi duýman galýarsyň.

«Meni äkidiň»

«Meni äkidiň» diýip, öýlerine aglap hat ýazýan oglanjyklar - olar biziň şu günki polat galamyz. Eýsem şeýle ejiz çagalardan polat gala edinmek Bitarap ýurtda hökmanmy? Öňi-soňy olara harby tälim öwredilmejek bolsa, ok atdyrylmajak bolsa, tank sürdürilmejek bolsa…olary her ýyl ýygnap, iýdirip-içirip ýörmek nämä gerek?

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda ýokary bilimli harbylary taýýarlaýan harby institut, başlangyç harby tälimleri berýän harby mekdepler döredildi. Harby gullukçylar köpeldi. Harby gullukçylar - türkmen, gulluk edýän esgerler - türkmen, şeýle-de bolsa, goşunda ölüm-ýitimler, maýyp bolmalar örän kän boldy. Maýyp bolup gaýdyp gelýän esgerleriň aýtmagyna görä, harby bölümlerde esgerleriň ölmeginde hem-de maýyplyga sataşmagynda ofiserleriň-de günäsiniň bar. Ofiserleriň köpüsiniň ene-atalardan pul almak üçin esgerleri ýörite urýandyklary hakda esgerleriň özleri gürrüň berýärler.

Para almakda tutulyp hem-de öz garamagyndaky esgeri urup öldürenligi ýa-da maýyp edenligi üçin türmelere giden ofiserleriň-de sany-da ýeterlik.

Türkmenistan Bitaraplyk syýasatynyň kölegesinde saýalap ýörse-de ýüz müň esgerden ybarat goşun saklaýar. Şu ýüz müň esgere hem-de olaryň harby ýolbaşçylaryna iýdirilip-geýdirilmek üçin çykarylýan harajatlaryň hasabyna professional goşuny döredip bolardy. Ýogsa bir serediň-ä, 2008-njy ýylyň tomsunda Aždar diýlen kişi bilen bolan atyşykda iki gije-gündizläp, iki kişini diňe bir goşun däl, eýsem, bütin harbylar bolup ýeňip bilmän duruşlary hem Türkmenistanyň harbylarynyň ýagdaýynyň nähili gowşakdygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Beýle goşuny saklamak nämä gerek!

Iýmit ýetmezçiliginden inçekesele sataşýanlar, içegeleri deşilip, operasiýa düşýänler hem esgerleriň arasynda ýetik.

Olar barybir, ýurdy goranoklar. Serhet ýakasynda ýaşaýanlar goňşy respublikalara ötüp-geçende, ýa-da neşe gaçakçylary serhetden aşanda esgerleriň kömegi bilen gaty aňsat geçýärler. Mydama aç esgerlere bir günki iýjek naharynyň puluny berseň, olar islendik kanuny bozup berýärler. Serhetlerden neşe maddalarynyň geçmegi hem serhetleriň gowşak goralýanlygynyň alamatydyr. Watan goragyna ýüregi bilen berlip, öz üstündäki borja aňly-düşünjeli paýhas ýetirýän goşun gerek. «Meni öýe alyp gidiň» diýip, aglaşyp duran häzirki çagalara Watan goragyny ynanmak gaty howply hem gorkunç.

Serdar Gulgeldiýew türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG