Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gaza sektoryna urlan zarbada bäş palestinaly ýaralandy


Öten gije Ysraýylyň Harby-howa güýçleriniň Gaza sektoryna uran zarbasy netijesinde bäş palestinaly ýaralandy.

Zarba Hamas toparynyň söweşijileriniň ýygnanýan ýeridir çak edilýän ýerlere uruldy. Şondan birnäçe sagat geçenden soň sektoryň territoriýasyndan Ysraýyla iki raketa atyldy.

Mundan öň Ysraýyl bilen Gaza sektorynyň serhedini kesmäge synanyşan üç palestinaly saklanypdy.

Ysraýyl harbylarynyň ýalňyşlyk bilen biri-birini oka tutmagy netijesinde bir harby gullukçy heläk boldy.
XS
SM
MD
LG