Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede sud boýunça konstitusion reforma gün tertibinde


Türkiýäniň ýokary sudy sud sistemasynyň işini üýtgetmegi göz öňünde tutýan konstitusion reforma geçirmek barada hökümetiň eden teklibine garşy bolup çykyş etdi.

Suduň başlygy Hasan Gerçeker kanun proýektini konstitusion däl atlandyrdy. Onuň sözlerine görä, reforma türk sudlaryny uly garaşsyzlyga getirip bilmez.

Häkimiýet başyndaky yslamçy “Adalat we Galkynyş” partiýasynyň ýolbaşçylary jikme-jigi duşenbe güni aýan edilen reforma Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine girmek prosessini çaltlandyrar diýip tassyklaýarlar.

Emma oppozisiýa kanuna girizilmegi göz öňünde tutulýan üýtgetmeleriň ýurdy yslamlaşdyrmagy nazarlaýandygyndan alada edýär.
XS
SM
MD
LG