Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Medisina ätiýaçlandyryş proýektine gol çeker


Medisina ätiýaçlandyryş sistemasyny reforma etmek boýunça Kongress tarapyndan düýn kabul edilen kanun proýektine şu gün ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň gol çekmegine garaşylýar.

Waşingtonda boljak şol dabara reformany goldan kongressmenler we senatorlar gatnaşar.

Obamanyň administrasiýasy tarapyndan teklip edilen täze kanun şu wagta çenli medisina ätiýaçlandyryşy bolmadyk 30 million amerikalyny hökmany medisina ätiýaçlandyryş sistemasyna goşar.

Respublikanlar reforma garşy bolup çykyş etdiler hem reformanyň döwlet býujetine artykmaç agyr ýük boljakdygyny öňe sürdüler.
XS
SM
MD
LG