Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Ysraýylyň jaý gurmak planyny ýazgarýar


Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri Brýusselde bolan duşuşygynda Gündogar Iýerusalimde jaý gurmagy döwam etmek barada Ysraýylyň ýakynda gelen kararyny ýazgardylar.

Häzir Ýewropa Bileleşigine başlyklyk ediji Ispaniýanyň daşary işler ministri Migel Anhel Moratinos gurluşygy doňdurmagy Ýewrobileleşigiň Ysraýyldan talap edýändigini nygtady.

Britaniýanyň daşary işler ministri Deýwid Miliband Ysraýylyň ýolbaşçylarynyň hereketini bikanun hem Ýakyn Gündogaryň ýaraşyk prosessine päsgelçilik atlandyrdy.

Ýewropa Geňeşiniň halkara işleri boýunça sekretary Katerin Aşton Brýusseldäki kolnferensiýada çykyş edip, ysraýyllylar bilen palestinalylaryň arasynda ýene iki ýyldan ylalaşyk gazanylmagyna umyt edýändikelerini aýtdy: “Şol ylalaşygyň netijesi garaşsyz we demokratik Palestina döwletiniň döredilmegi bolar. Ol diňe bir Ysraýyl bilen däl, regionyň beýleki döwletleri bilenem parahatçylykly ýaşaşar, biz şuňa umyt baglaýarys”.

Ýöne bir gün mundan öň Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Gündogar Iýerusalimdäki gurluşykdan Ysraýylyň ýüz öwürmejekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG