Sepleriň elýeterliligi

Google Hytaýdaky senzura syýasatyny üýtgedýär


Iň uly Internet kompaniýalaryň biri Google hytaýly internet ulanyjylar üçin gözlegiň netijelerine mundan beýläk senzura girizmekden ýüz öwürdi.

“Internetde gözleg gurallary Hytaýyň esasy territoriýasyndan Gonkonga geçiriler” - diýlip, kompaniýanyň maglumatynda bellenipdir.

Hytaýda öz syýasatyny üýtgetmekçidigini, hat-da bu ýurtdan çykyp gitmäge-de taýýardygyny Google kompaniýasy iki aý mundan öň yglan edipdi. Muňa bu ýurtdan kompaniýa edilen güýçli elektron hüjümler sebäp bolupdy.

Şol hüjümden maksat - hytaýly dissidentleriň elektron poçtasyny açmakdan ybarat.
XS
SM
MD
LG