Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Google kompaniýasynyň karary Pekini gaharlandyrdy


Senzura barada Hytaý häkimiýetleri bilen ençeme wagyt bäri dowam edip gilýän oňuşmazlyk sebäpli Birleşen Ştatlaryň internet kompaniýasy Google özüniň Hytaýda senzuradan geçirilýän gözgleg sahypasyny Gongkonga göçürdi.

Hytaýyň aýratyn statusdan peýdalanýan bu regionynda söz azatlygy barada erkinräk syýasat ýöredilýär.

Günbatar mediasynda Googlyň bu göçümi Hytaý häkimiýetlerini başa-baş göreşe çagyrmak diýip häsiýetlendirildi. Indi Hytaýda internetden peýdalanýan adamlar ýurtda dissidentleriň çekýän ejir-azaplary ýa Tibetde höküm sürýän ýaramaz ýagdaýlar barada hytaý dilinde berilýän materiallary görüp bilýärler.

Günbatar habar agentlikleriniň şu gün Pekinden bildirmeklerine görä, ozal goşulmadyk materiallar täze gözleg sahypasynyň sanawynda indi bar, ýöne olary açyp bolanok.

Googlyň bu baradaky beýannamasynda onuň ýaňy ýanwar aýynda çylşyrymly internet hüjümlerine uçranlygy, Hytaýdan gözbaş alýan bu hüjümlerden maksadyň Hytaýdaky adam hukuklary aktiwistleriniň e-maillaryna girmek bolanlygy aýdylýar. Googlyň öz gözleg netijelerini mundan beýläk senzuradan geçirmezlik kararyna gelmegine şu we şular ýaly beýleki wakalar sebäp bolupdyr.

Hytaýyň halkara barlaglary baradaky milli birleşiginiň başlygy Wiktor Gao: “Googlyň bu göçümi ýagdaýy erbetleşdirer” diýýär.

“Googlyň Hytaý dilindäki gulluk motoryny Gonkonga geçirmegi, ozal talap edilen filtrleri aýyrmagy ýagdaýy ýaramazlaşdyrar. Hytaý hökümeti näme etjek bolsa, bu onuň özüne galan zat. Ýöne men hökümet bu işlere boýun eger öýdemok” diýip, Gao aýdýar.

Kime zyýan ýeter?

Bu meselaniň ozal hem öwerlik däl Hytaý-Amerikan gatnaşyklaryna zyýan ýetirmegi mümkin. Muňa göz ýetiren Hytaýyň Daşary işler minitrliginiň sözçüsi Çin Gang şu gün: “Google meselesi syýasylaşdyrylmasa, Waşington bilen gatnaşyklara zyýan ýetirmez” diýdi.

Çin bu dawanyň halkara derejesinde Hytaýyň abraýyna zyýan ýetirjegine hem ynananok: “Men Google meselesi Hytaýyň halkara arklaşygyndaky abraýyna zyýan ýetirer diýen pikirde däl. Biri bu meseleden peýdalanyp, ýalan zatlar ýazmasa, bu Hytaýa zyýan ýetirmez, Google kompaniýasyna zyýan ýetirer”.

Internet tehnologiýasy boýunça ekspert Çen Ýafeýiň pikiriçe, Google Hytaý bazaryndan bütinleý çekilse-de, munuň ýetiren zyýany bolmaz.

“Hytaýa gelýän her bir kompaniýa Hytaý kanunlaryny ýerine ýetirmeli. Ýöne Googlyň özüniň bir ynanjy bar. Google bilen Hytaý hökümetiniň arasyndaky dawa olaryň öz meselesi. Googlyň Hytaýdan çekilmegine bu ýerde internetden peýdalanýanlar ökünmez” diýip, Ýafeý aýdýar.

Ýöne ekspertleriň arasynda Google çekilse: “Internet ýerli kompaniýalaryň eline düşer. Onsoň bäsdeşlik, täzeçillik azalar” diýýänler-de bar.
XS
SM
MD
LG