Sepleriň elýeterliligi

Bakiýew: “Günbatar demokratiýasy Gyrgyzystana laýyk gelmeýär”


23-nji martda Bişkek şäherinde geçirilen halk maslahatynda eden çykyşynda, Gyrgyzystanyň prezidenti Kurmanbek Bakiýew Günbatar demokratiýasynyň prinsipleriniň öz ýurduna laýyk gelmeýändigini aýtdy.

Gyrgyz prezidenti erkin saýlawlara hem raýatlaryň şahsy hak- hukuklaryna esaslandyrylýan demokratiýanyň prinsipleriniň Gyrgyzystanda ýöredilmeginiň gitdigiçe kynlaşýandygyny nygtady. Şonuň üçin K.Bakiýew Gyrgyzystanda demokratiýanyň täze görnüşiniň – maslahatly demokratiýanyň girizilmegini teklip etdi.

Şeýle hem 23-nji martda Gyrgyzystanyň Bişkek hem Oş şäherlerinde geçirilen demonstrasiýalarda çaknyşyklaryň emele gelendigi habar berildi.

Polisiýanyň beren maglumatlarynda 23-nji martda Bişkekde Bakiýewiň tarapdarlarynyň gurnamagynda geçirilen halk maslahatyna girmäge synanyşan 30-a golaý aktiwistiň tussag edilendigi aýdylýar.

Oş şäherinde bolsa, tussag edilen oppozisiýanyň wekili Ismaiyl Isakowyň goldawyna geçirilen ýörişiň barşynda polisiýa işgärleri bilen çaknyşyklaryň ýüze çykandygy aýdylýar. Bu ýerde 60-a golaý aktiwist tussag edildi.

Häzir Gyrgyzystanyň oppozisiýasy Bakiýewi awtoritarlykda hem korrupsiýada aýyplap, onuň wezipesinden çekilmegini talap edýär.

24-nji martda Gyrgyzystanda çigildem rewolýusiýasy netijesinde Askar Akaýewiň wezipesinden çetleşdirilip, onuň ýerine Kurmanbek Bakiýewiň saýlanmagyna 5 ýyl bolýar.
XS
SM
MD
LG