Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň prezidenti Karzaý Hytaýa sapar edýär


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý hökümet delegasiýasyna baştutanlyk edip Pekine barýar.

Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň beren maglumatlarynda bu saparyň barşynda Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda 11 gaz ýatagynyň özleşdirmegi babatda gepleşikleriň geçiriljekdigi aýdylýar.

Häzir bu gaz ýataklarynyň özleşdirilmegi babatda halkara tender yglan edildi.

Owgan prezidentiniň edarasy Hytaý bilen özara söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi baradaky ylalaşyga Karzaýyň gol çekmegine garaşylýandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG