Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý bilen ABŞ özara gepleşiklerini dowam etdirer


Hytaý bilen ABŞ, Google kompaniýasynyň Hytaý bazaryndan gitmek kararyna gelendigine garamazdan, özara gatnaşyklaryny dowam etdirjekdiklerini mälim etdiler. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekili habar berdi.

Maglumata görä, bu iki ýurduň arasyndaky syýasy we ykdysady meseleler boýunça gepleşikler maý aýynyň ahyryna planlaşdyrylýar.

Ýakynda, iň uly internet kompaniýalaryň biri - Google hytaýly internet ulanyjylar üçin gözlegiň netijelerine mundan beýläk senzura girizmekden ýüz öwrüp, Hytaýyň bazaryndan gitmegi karar etdi.

Internetde gözleg gurallarynyň Hytaýyň esasy territoriýasyndan Gonkonga geçiriljekdigi kompaniýanyň ýaýradan beýanatynda bellenildi.

Googlyň Hytaýyň bazaryny terk etmegine bu ýurtdan kompaniýa edilen güýçli elektron hüjümler sebäp bolupdy.

Şol hüjümden maksat - hytaýly dissidentleriň elektron poçtasyny açmakdan ybarat diýilip, maglumatda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG