Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa Ysraýylyň diplomatyny ýurtdan çykardy


Britaniýa Hamas toparynyň liderini öldürenlere pasportlary galplaşdyrmaga ýardam berenlikde şübhelenilýän ysraýylly diplomaty ýurtdan çykardy.

Ol diplomat şu ýylyň ýanwar aýynda Dubaýda Hamas toparynyň liderleriniň biri Mahmoud al-Mabhouhy öldürenlere 12 pasporty galplaşdyrmaga ýardam berenlikde şübhelenilýär.

Adynyň agzalmagyny islemedik britan resmisi 23-nji martda Britaniýanyň daşary işler ministri Dawid Milibandyň bu mesele bilen bagly britan parlamentinde çykyş etjekdigini aýtdy.

Ysraýyl bolsa Hamas toparynyň liderleriniň biri Mahmoud al-Mabhouhyň öldürilmegine Ysraýylyň dahyllydygy hakda hiç hili subutnamalaryň ýokdugyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG