Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama bilen Netanýahunyň gepleşikleri tamamlandy


Waşingtonda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň gepleşikleri tamamlandy. Duşuşyk bir ýarym sagat dowam etdi.

Däp boýunça gepleşiklerden soň iki syýasatçy bilelikde surata düşmek hem soraglara jogap bermek üçin žurnalistleriň garaşýan ýerine çykmalydy. Emma olar çykmady.

Synçylaryň pikiriçe, munuň özi palestin territoriýasynda Ysraýylyň ýaşaýyş jaý gurmak plany bilen bagly arada dörän oňşuksyzlygyň alamaty.

Iki hepde mundan öň Ysraýyl Gündogar Iýerusalimde bir ýarym müň gowrak kwartira gurmak planyny yglan etdi. Şol plan öz gezeginde amerikan administrasiýasy tarapyndan tankytlaryň ýagdyrylmagyna getirdi.

Palestinalylar öz gezeginde gatnaşyklary parahatçylykly kadalaşdyrmak barada Ysraýyl bilen göni gepleşiklerden ýüz öwrüpdi.

Palestinalylar Gündogar Iýerusalimiň geljekki döwletiniň paýtagty bolmagyna umyt baglaýar. Emma Ysraýyl tutuş Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hasap edýär.
XS
SM
MD
LG