Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

3 Guantanamo tussagy Gürjüstana berildi


Kubadaky Guantanamo amerikan harby bazasynda saklanýan üç öňki tussagy ABŞ Gürjüstana berdi. Bu türmede terrorizmde güman edilýänler saklanýar.

“Waşington Tbilisä beren kömegi üçin örän minnetdar” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi wekili Filip Krouli aýtdy.

Barak Obamanyň administrasiýasy Guantanoma türmesini ýapmakçy, emma ähli maddalar boýunça aklanan hem dürli sebäpler ötri watanyna dolanyp bilmeýän öňki esirleri kabul edip almaga az sanly ýurt razy boldy.
XS
SM
MD
LG