Sepleriň elýeterliligi

Moskwada adam hukuklary boýunça konferensiýa geçirildi


Düýn Moskwada Ýewroparlamentiň gurnamagynda adam hukuklarynyň goragyna bagyşlanan konferensiýa geçirildi. Onuň işine orsýetli belli adam hukuklaryny goraýjylar hem ýewropaly diplomatlar gatnaşdy.

“Adam hukuklaryny goramak-howply kär” diýen at bilen orsýetli graždan aktiwistleriniň çaknyşýan problemalary, ýüzbe-ýüz bolýan töwekgellikleri konfereniýada maslahatlaşyldy.

Ýewroparlamentiň adam hukuklary boýunça komitetiniň baştutany Heýdi Gautalanyň sözlerine görä, graždan aktiwistleriniň, şol sanda Natalýa Estemirowanyň, Stanislaw Markelowyň öldürilmegi bilen bagly jenaýaty açmaga Orsýet häkimiýetleri ýeterlik tagalla etmeýär.

Orsýetiň prezidentiniň ýanyndaky graždan jemgyýetini ösdürmek boýunça komitetiň başlygy Ella Panfilowa şu günki gün çözülmedik meseleleriň arasynda düýpli demokratik institutlaryň ösmändigini hem ýokary derejedäki korrupsiýany agzady.
XS
SM
MD
LG