Sepleriň elýeterliligi

“Çigildem rewolýusiýasy” boýunça begenere zat az


Garaşsyz Gyrgyzystanyň ilkinji prezidenti Askar Akaýewiň häkimiýet başyndan çetleşdirilmegine getiren “Çigildem rewolýusiýasyna” bäş ýyl doldy. Emma gyrgyz raýatlarynyň, syýasatçylarynyň köpüsi bu wakanyň kän bir netije bermändigini aýdýarlar. Ýagny, halk köpçüligi şol rewolýusiýanyň netijesinde bir korrumpirlenen ýolbaşçynyň ýerine beýlekisi geldi diýen pikirde.


Öz Watanynyň taryhyny döretmäge gatnaşmak maksady bilen Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçirilen hökümete garşy demonstrasiýalara baranlaryň biri – Duşonkul Çotonow “Çigildem” ýa-da “Halk rewolýusiýasynyň” bäş ýyllygy bilen bagly şatlanmaga esasyň ýokdugyny aýdýar. Sebäbi Duşonkulyň pikiriçe, şol rewolýusiýanyň netijesinde korrupsiýada hem garyndaşparazlykda aýyplanan Askar Akaýew häkimiýet başyndan çetleşdirilen bolsa-da, onuň ýerine saýlanan Kurmanbek Bakyýew ýurtda Akaýewiňkiden beter režimi ýöretmäge synanyşýar.

Şonuň üçin 38 ýaşly mugallym Duşonkul Çotonow bäş ýyl mundan ozal amala aşyrylan şol Halk rewolýusiýasynyň edilen umyda laýyk netije bermändigini aýdýar.

Hasyl bolmadyk umytlar

“Rewolýusiýadan soň Bakyýewiň häkimiýet başyna ýetmek üçin eden tagallalary onuň demokratik reformalar üçin däl-de, hökümetde ýokary wezipeleri eýelemek üçin dyrjaşýandygyna şaýatlyk etdi – diýip, Çotonow aýdýar: - Şonda rewolýusiýamyzyň bizden ogurlanandygyna gözümiz ýetdi”.

Häzir gyrgyz raýatlarynyň köpüsi “Çigildem rewolýusiýasynyň” netijesinde bir korrumpirlenen lideriň beýlekisi bilen çalşyrylandygyny aýdýarlar. Halk köpçüliginiň gahar-gazaba mündüren hem şeýle pikirleriň döremegine getiren waka Bakyýewiň häkimiýet başyna geleninden soň, öz maşgala agzalaryny hökümetiň ýokary derejeli wezipelerine belläp başlamagy boldy.

Mysal üçin, Kurmanbek Bakyýewiň dogany Janyş Bakyýew Döwlet prokuraturasynyň ýolbaşçysy edilip bellenildi. 2009-njy ýylyň noýabr aýynda Bakyýew öz ogly Maksimi Inwestisiýalar, Ösüş hem Tehnologiýa täzelikleri boýunça döwlet gullugynyň başlygy wezipesine belledi.

Bu gulluk esasan ýurduň içinden hem daşyndan gelýän maýa goýumlar meselesi bilen meşgullanýar. Maksimiň bu wezipä bellenilmegi Bakyýewiň öz ýerine mirasdüşer taýýarlaýandygy baradaky gürrüňleriň ýaýramagyna esas döretdi.

Umuman, Bakyýewiň hakimýet başynda bolan ýyllary halk arasynda ykdysady kynçylyklar, garaşsyz metbugata basyşlar, syýasy oppozisiýa garşy repressiýalar bilen tanalýar.

2009-njy ýylda prezidentlik saýlawlary geçirilip, Bakyýewiň ikinji möhlete saýlanmagynyň hem aňyrsynda saýlawlarda galplyklara ýol berlenligi bilen düşündirilýär.

2007-nji ýylda Gyrgyzystanda möhletinden öň parlament saýlawlary geçirilip, Bakyýewiň täze gurnan “Ak ýol” partiýasy parlamentiň 90 ornundan 71-sini eýeledi. Bu saýlawlardan soň öz partiýasy bilen parlamentdäki orunlaryň köplügini eýelän Kurmanbek Bakyýew saýlawlar barada hem konstitusion reformalar barada täze kanunlaryň kabul edilmegini gazandy.

Ogurlanan rewolýusiýa

Häkimiýet başynda geçiren bäş ýylynyň dowamynda prezident Bakyýew rewolýusiýa döwründäki köp tarapdarlaryny ýitirdi. Olaryň käbiri, Gyrgyzystanyň öňki Daşary işler ministri Roza Otunbaýewa ýaly, oppozisiýanyň tarapyna geçseler, beýlekileri, ýurduň öňki Goranmak minisrti Ismail Iskakow ýaly, Bakyýewi goldamagyny bes edensoňlar, tussag edildiler.

“Çigildem rewolýusiýasynyň” bäş ýyllygy bilen bagly planlaşdyrylan demonstrasiýalaryň geçirilmegine bir hepde wagt galanda, gyrgyz häkimiýetleri tarapyndan “Cenrtrasiýa.ru”, “Fergana.ru” ýaly garaşsyz internet saýtlary petiklenildi. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy hem-de BBC habar korparasiýasynyň gepleşikleri hem Bişkegiň ýaşaýjylaryna elýeterli bolmaz ýaly edildi.

Halkara jemgyýetçiligi Bakyýewiň häkimiýetiniň bu hereketlerini ýiti ýazgardy.

Bakyýewiň häkimiýet başynda bolan döwri ýurtda regional bölünişik meselesiniň has dartgynlaşmagyna getirdi. Özi günorta Gyrgyzystandan bolan Bakyýew ýokary derejeli wezipeleriň ýarpysyna bu regionyň Batken, Oş hem Jelalabat welaýatlaryndan bolan adamlary belledi. Häzir Bakyýewiň obadaşlary ýurduň ykdysady, goranmak hem güýç ulanyjy pudaklaryna ýolbaşçylyk edýärler.

“Möhüm sapak boldy”

Emma bu ýetmezçiliklere garamazdan, gyrgyz oppozisiýasynyň liderleriniň biri Roza Otunbaýewa bäş ýyl mundan ozal bolan rewolýusiýanyň netije berendigine ynanýar.

“Meniň pikirimçe, biz utulmadyk. Biz bu wakalaryň arkasynda ösýäris, tejribe ýygnaýarys. Soňky bäş ýylyň içinde ýurtda köp syýasy partiýa döredildi. Parlamentde oppozisiýanyň wekilleri bar. Elbetde, ilatda lapykeçlik düýulman duranok. Emma biz şol rewolýusiýanyň biz üçin gaty möhüm sapak bolandygyny hem unutmaly däldiris” diýip, Roza Otunbaýewa belledi.

Häzir gyrgyz parlamentinde oppozisiýanyň sanlyja wekiliniň bardygyna garamazdan, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda Gyrgyzystanda resmi taýdan hasaba alnan iň köp sanly syýasy partiýalar hereket edýär.

Şeýle hem Gyrgyzystanda Merkezi Aziýa regionynyň beýleki ýurtlaryndan tapawutlylykda oppozisiýanyň tarapdarlary köçä çykyp, ýöriş geçirip bilýärler. Bu bolsa, mysal üçin, goňşy Özbegistanda ýa-da Türkmenistanda akyla sygmajak zat bolup görünýär.

Bakyýew gitmese, ynjalmaryn

“Çigildem rewolýusiýasyna” gatnaşan 44 ýaşly Erkingül Imankoýewa Gyrgyzystany halas etmek üçin ýene bir rewolýusiýanyň gerekdigini aýdýar: “Men göreşmäge taýýar. Ilat ýene bir gezek aýaga galmaga taýýar. Bize diňe öňümize düşüp biljek lider gerek. Şony halk talap edýär”.

Gyrgyzystanyň Oş şäherinde hökümete garşy demonstrasiýalaryň gurnaýjylarynyň biri, mugallym, orta ýaşlaryndaky Duşonkul Çotonow hem Erkingüliň aýdanlary bilen ylalaşýar: “Dostlarym bilen gürrüňdeş bolanymda, 2005-nji ýyldaky rewolýusiýanyň netijesinde biz ýurtdaky sistemany özgerdip bilmändigimizi boýun alýarys”.

Şeýle hem ol özleriniň hemişe Gyrgyzystany dolandyrmak üçin korrupsiýadan daş duran, sowatly hökümeti häkimiýet başyna getirmek, demokratik däl sistemany doly özgertmek ýaly meseleleri maksat edinýändiklerini aýtdy.

38 ýaşly mugallym Duşonkul Çotonow diňe Bakyýew häkimiýet başyndan gideninden soň, ynjalyp oturyp biljekdigini nygtady.
XS
SM
MD
LG