Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri, Gürji türmelerinde kesele garşy 'nusgalyk' göreş


Suratyň çeşmesi: ICRC/Zalmaï AHAD
Suratyň çeşmesi: ICRC/Zalmaï AHAD

“Halkara Gyzylhaç” guramasy Azerbaýjanyň we Gürjüstanyň türmelerinde inçekeseliň ýaýramazlygy üçin edilen tagallalaryň oňat netijeleri berenligini aýdyp, beýleki ýurtlara-da bu kesele garşy göreşde öwrenilen usuly ulanmagy maslahat berýär.

Gurama: “15 ýyl mundan ozal Azerbaýjan türmelerinde bu keselden ýylda 300 töweregi adam ölýärdi” diýýar. Inçekeseliň öňüni almak üçin görlen çäreleriň netijesinde öten ýyl ondan ölenleriň sany ýigrimä gelipdir.

“Men ýaňy Bakuwyň merkezi türmesiniň keselhanasyna baryp gaýtdym. Olaryň ýokanç kesellileri beýlekilerden saýlamakda bitiren netijeli işleri mende gaty gowy täsir galdyrdy. Olaryň täze gelenleri inçekeseli bar bolmagy mümkin adamlardan aýry saklap, bu keseli ýaýratmazlyk üçin ulanýan gaty gowy barlag metodlary bar. Bu örän netijeli bejeriş sistemasy” diýip, “Halkara Gyzylhaç” guramasynyň Ženewadaky sözçüsi Anna Nelson aýdýar.

"Halkara Gyzylhaç" guramasynyň Bakuwdaky sözçüsi Gülnaz Guliýewanyň aýtmagyna görä, bu işe mümkinçilik döreden hyzmatdaşlyk bolupdyr.

“Inçekesel problemasyny jylawlamak üçin Adalat ministrligi bilen “Halkara Gyzylhaç” guramasy hyzmatdaşlyk etdiler. 1995-nji ýylda 3-nji tussaghanada bu keseli bejermek üçin ýörite keselhana açyldy. Bu keselden ejir çekýänleriň hemmesi ol ýerde sanawa alyndy. Bu aýry bejeriş merkezi bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin görülýän çäre hökmünde hyzmat edýär” diýip, Guliýewa aýdýar.

Gürjüstandaky ýagdaý

“Halkara Gyzylhaç” guramasynyň türmelerde inçekesele garşy göreş baradaky programmasynyň regional geňeşçisi Sylwia Wust ýagdaýyň Gürjüstanda hem şeýledigini aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, bu ýerde türmelerde bu keselden gidýänleriň sany ozal ýylda 100 töweregi bolan bolsa, indi bu diňe sanlyja adam.

Ýöne Gürjüstanyň inçekesel baradaky Milli programmasynyň başlygy Marine Janjghawanyň aýtmagyna görä, kynçylyklar şindi-de ýok däl: öten ýyl “Halkara Gyzylhaç” guramasy Gürjüstandan gidensoň, türme sistemasyna kontrollyk bize galdy. Ýöne tussaglaryň sanynyň köpelmegi zerarly indi “Gyzylhaç” barka edilýän işleriň ählisini etmek aňsat däl. Ýagdaý ýaramazlaşanok. Ýöne käbir problemalar bar. Esasy mesele bu keseliň giç anyklanýanlygy. Ýöne bir tussagyň bu kesele uçranlygy belli bolsa, oňa derman bar”.

Ortaça hasap bilen inçekesel tutuş dünýäde her 20 sekundda bir adamyň başyna ýetýär. Dünýä Saglyk Guramasynyň aýtmagyna görä 2008-nji ýylda bu kesel bardygy anyklananlaryň sany 9,8 million, ondan gidenleriň sany hem 1,8 million bolupdyr.

“Bu bir diýseň agressiw kesel. Hiç bir ýerde, hiç bir halat kemçiliksiz däl. Ýöne Azerbaýjanda we Gürjüstanda şunça iş edilmegi oňat netijeleri berdi. Elbetde, bu 15 ýyllyk iş. Muňa hem sabyr hem tutanýerlilik gerek” diýip, Nelson aýdýar.
XS
SM
MD
LG