Sepleriň elýeterliligi

Guantanamodan çykan iki hytaýly Şweýsariýa baryp düşdi


23-nji mart gijesi Birleşen Ştatlaryň Guantanamo harby türmesinden azatlyga goýberilen asly hytaýly iki sany uýgur raýaty Şweýsariýa baryp düşdi.

Bu raýatlaryň ikisine-de Şweýsariýanyň häkimiýetleri syýasy gaçybatalga berdiler.

Geçen aý Şweýsariýanyň bu raýatlary kabul etmeklige razylyk bermeginiň yzy bilen, Hytaýyň hökümeti Şweýsariýanyň beýle hereketiniň bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ýaramaz täsir edip biljekdigi bilen duýduryş beripdi.
XS
SM
MD
LG