Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Lukoýl» Eýrandaky nebit proýektine gatnaşmakdan ýüz öwürdi


25-nji martda Orsýetiň «Lukoýl» nebit kompaniýasy Eýrandaky nebit proýektine gatnaşmakdan ýüz öwrendigini aýtdy. Ol munuň sebäbiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýrana garşy girizen täze sanksiýalary bilen baglanyşyklydygyny mälim etdi.

«Lukoýl» kompaniýasynyň bu barada ýaýradan resmi beýanatynda Birleşen Ştatlaryň hökümeti tarapyndan girizilen ykdysady sanksiýalar sebäpli bu kompaniýanyň Eýrandaky «Anaran» proýektinde iş alyp barmagynyň mundan beýläk mümkin däldigi we şoňa görä-de onuň bu proýektden çykýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG