Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzstandaky parahatçylykly rewolýusiýa bäş ýyl doldy


25-nji martda Gyrgyzstanda 2005-nji ýylyň martynda amala aşyrylan parahatçylykly rewolýusiýanyň bäş ýyllygy bellenilip geçildi.

Bäş ýyl mundan öň giň gerimde gurnalan köpçülikleýin protest çykyşlarynyň netijesinde Gyrgyzstanyň ozalky prezidenti Askar Akaýew öz wezipesinden gidip, onuň ornuna Kurmanbek Bakyýew gelipdi.

Saýlawçylaryň uly goldawy bilen prezident saýlanan Kurmanbek Bakyýew şonda ýurtda düýpli syýasy reformalary amala aşyrmaklyga we korrupsiýanyň soňuna çykmaklyga söz beripdi.

Ýöne aradan bäş ýyl geçip, Gyrgyzstanyň oppozisiýa toparlary Kurmanbek Bakyýewiň özüni hem Askar Akaýewe bildirilen günälerde, ýagny, korrupsiýada we garyndaşparazlykda aýyplaýarlar.

23-nji martda Gyrgyzstanyň Bişkek we Oş şäherlerinde prezident Bakyýewiň wezipesinden çekilmegine çagyryş edilip geçirilen protest çykyşlarynda oppozisiýanyň aktiwistlerinden ençemesi tussag edildi.
XS
SM
MD
LG