Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan otly gatnawlarynyň bökdelmeginde Özbegistany aýyplaýar


25-nji martda Täjigistanyň premýer-ministri Okil Okilow Özbegistanyň üsti bilen Täjigistana barmaly ýük otlularynyň gatnawynyň bökdelmeginde Özbegistan tarapyny aýyplap çykyş etdi.

Soňky iki aýyň dowamynda Özbegistanyň üsti bilen Täjigistana barýan ýük otlularynyň gatnawlarynda uly bökdençlikler döredi.

Özbegistan tarapy bu bökdençlikleriň sebäbini transport ýollaryna siliň we ýer süýşgüniniň zeper ýetirendigi bilen düşündirýär.

25-nji martda Täjigistanyň premýer-ministri Okil Okilow Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda öz geçiren derňewleriniň netijesinde Özbegistanyň territoriýasynda tebigy hadysylar sebäpli transport ýollaryna hiç hili zeper ýetmändiginiň anyklanandygyny aýtdy.

Jenap Okilow bu ýüze çykan transport bökdençliklerini Özbegistan tarapynyň bilkastlaýyn döreden bökdençlikleri hökmünde häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG