Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow ýurduň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça ýakynda Karara gol çekdi. Bu Karara laýyklykda ýurduň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak göz öňüne tutulýar.

Şeýle hem şu Karar esasynda Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligine we Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine 2010-njy ýylda çig pile öndürmek boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyrylýar.

Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligine welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş ylalaşyklary baglaşmak, şonuň ýaly-da ministrligiň garamagyndaky «Türkmenýüpek paýdarlar» jemgyýetiniň üsti bilen welaýatlaryň Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerini ýokary hilli ýüpek gurçugynyň tohumynyň gerek mukdary bilen üpjün etmek tabşyryldy.

Ýaz aýy ýüpek gurçuklarynyň idedilýän döwri bolansoň, şeýle Karar kabul edilip, şeýle tabşyryklar berilse-de, häzirki döwürde Türkmenistanda pile öndürmekde hökümetiň göz öňüne tutýan tabşyryklary hiç ýylda-da doly berjaý edilmeýär.

«Häzirki döwür» diýip, biz Garaşsyzlyk ýyllaryny göz öňüne tutýarys. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň esasy ýolbaşçy işgärleriniň korrupsiýa baş urmagynyň netijesinde, ýurduň ähli pudagy, şol sanda oba hojalygy hem doly çöküp, oba adamlarynyň aglabasy (esasan-da erkek kişiler) iş gözläp dürli ýurtlara, şäherlere pytrap gitdiler. Gepiň gysgasy, hökümet-ä halkyň ykbalyny başyndan aýlap urdy, halk hem hökümeti başyndan aýlap urdy.

Agyr zähmet talap edýär

Ýüpek gurçugyny idetmek işi bary-ýogy iki, iki ýarym aý dowam edýän-de bolsa, ol örän agyr zähmeti talap edýär. Bu işiň başyna bütin maşgala bolup barlaýmasa, ýüpek gurçugyny idetmek bir-iki kişiniň işi däl, ýa-da diňe hojalykdaky aýal maşgalalar bu işiň hötdesinden gelip bilmeýärler. Ýüpek gurçugyna günde bäş wagtyna ýaprak bermeli. Kä kişi alty wagtyna-da ýaprak berýär. Munuň üçin tut kesmeli. Tudy kesmek, ony öýe daşamak üçin erkek kişiniň kömegi gerek bolýar. Şeýle bolansoň, erkekleri iş gözlegine giden hojalyklar ýüpek gurçugyny idetmek işine goşulyp bilmeýärler.

Ýüpek gurçugynyň idedilýän döwründe ýer işleri hem başlanýar. Hojalykdaky ekinler, kärende höjalygyndaky ekinler, mallaryň aladasy... Bu zatlaryň daşyndan oba adamlary ýüpek gurçugyny idetmek işine goşulmak islemeýärler. Üstesine-de, jebir-jepalar bilen ýetişdirilen pile hasyly örän pes nyrhdan satyn alynýar. Pile tabşyryp, hiç bir gazanjy eline almaýan adamlar hem kän. Şu zatlar sebäpli oba adamlary soňky döwürde ýüpek gurçugyny idetmek işinden köpçülikleýin ýüz öwürýärler.

Ýüpek gurçugyny idetmek işinden ýüz öwürmegiň ýene bir sebäbi bar: Soýuz döwründe pagta ekilýän meýdanlaryň gyralaryna tut ekilerdi hem-de şol tutlar ýüpek gurçuklaryny idetmekde peýdalanylardy. Prezident Nyýazowyň ýolbaşçylyk wezipesine ilki geçen ýyllarynda halka mellek ýerleri paýlanyp berlipdi, has dogrusy, satylypdy. Şonda öňki pagta ekilen meýdanlaryň köpüsi mellek ýerlerine öwrüldi we pagta meýdanlarynyň gyrasyna ekilen tutlar adamlaryň şahsy melleginiň içinde galdy.

Mellek ýerlerini giňeltmek üçin ol tutlary goparyp zyňanlar hem köp boldy. Goparylmadyk tutlar hem şahsy mellekleriň çäginde bolansoň, hiç kim öz mellegindäki tudy başga birine bermeýär. Şeýlelikde, tutlaryň azalmagy hem ýüpek gurçugyny idetmek işinden ýüz öwürmegiň bir sebäbi bolup durýar.

Onda ýüpek gurçuklaryny kim idetýär?

Ýüpek gurçugyny idetmek oba intelligensiýasynyň boýnuna dakylýar. Oba mugallymlary, oba doktorlary, çagalar baglarynyň işgärleri, daýhan birleşikleriniň buhgalteriýalarynda işleýänler, hökümet edaralarynda sürüji bolup işleýänleriň maşgalalary, mundan-da başga şahsy kärende hojalygy üçin hökümetden ýer alýanlar, şäherlerde - hökümetiň býujet edaralaryna gatnap işleýänler - bularyň bary hökmany suratda ýüpek gurçugyny idedäýmeli. Ýüpek gurçugyny idetmekden ýüz öwürýänler bolsa işi bilen hoşlaşmaly.

Pile üçin halkyň ýüreginden turjak pul tölense, ýüpek gurçugyny idetjekler köpelerdi hem-de halkyň özi tut gytçylygy meselesini hem çözerdi. Ýöne häzirki ýolbaşçylaryň bolşy öňde biriniň suw degirmenine suw çekmegi kyn görüp, peşewi bilen degirmen aýlajak bolşuna çalym edýär. Halka köp zähmet çekdirip, az pul töläp, gowy zatdan hem torbalaryny doldurmak isleýärler. Ýöne halk hem indi şeýle hökümet bilen nähili iş salyşmalydygyny öwrendi. Olar seslerini çykarman iş taşlap bilýärler.

Rozymyrat Ödäýew türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG