Sepleriň elýeterliligi

START şertnamasyna Pragada gol çekiler


Strategik ýaraglary çäklendirmek barada Orsýet-ABŞ şertnamasyna gol çekişlik dabarasyna gatnaşyjylary Pragada kabul etmäge taýýardygyny Çehiýanyň daşary işler ministri düýn mälim etdi.

Şu informasiýany ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň administrasiýasy tassyklady hem şeýle haýyş bilen çeh häkimiýetlerine ýüz tutandygyny aýtdy.

Şertnamanyň detallary boýunça ses berişligiň tamamlanyp barýandygyny Moskwa hem Waşington mälim etdi.

Käbir maglumatlara, hususan-da çeh metbugatynda çap edilen informasiýa görä, dokumente gol çekişlik 10-njy aprele çenli bolmagy mümkin.

ABŞ bilen Orsyetiň arasynda 1991-nji ýylda gol çekilen ylalaşygyň möhleti geçen ýylyň dekabrynda dolupdy.
XS
SM
MD
LG